Top.Mail.Ru

Russiýanyň demir ýollary Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýük daşamalary üçin 20% arzanladyş yglan etdi, «Belawia» Türkmenbaşa howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar, türkmenistanly talyplar «Spelling Bee» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular

10:0503.12.2022
0
26172

1. Russiýanyň demir ýollary tutuş 2023-nji ýylyň dowamynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýän Boşalak – Serhetýaka geçelgesi arkaly amala aşyryljak eksport-import konteýner ýük daşamalary üçin 20% arzanladyşyň hereket etjekdigini yglan etdi.

2. 2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan başlap, «Belawia» awiakompaniýasy Minskden Türkmenbaşa dowamly howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar. Indi Minsk – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlary her sişenbe güni, Türkmenbaşydan Minske bolsa her çarşenbe güni amala aşyrylar. Uçuşlar Braziliýanyň «Embraer E195» uçarlary arkaly ýerine ýetiriler. Uçar 125 ýolagçy üçin niýetlenendir.

3. Türkmenistanly talyplar iňlis sözlerini dogry aýtmak boýunça Daşkentde geçirilen «Spelling Bee» atly Merkezi Aziýa bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji boldular.

4. Dekabr aýynda Türkmenistanyň çäginde howanyň temperaturasynyň, esasan, adatdaky ýaly ýa-da adatdakynyň çäklerinde, käbir ýerlerde ondan pes bolmagyna garaşylýar. Dekabryň birinji ongünlüginde Türkmenistanyň agramly böleginde howanyň temperaturasy adatdakydan pes bolar. Sowuk howa akymy giň gerimli sowuk antisiklon sebäpli Gazagystanyň çäginden geler. Birinji ongünlügiň ahyrynda howanyň az-kem ýylamagyna garaşylýar, temperatura adatdakynyň çäklerinde ýa-da ondan ýokary bolar.

5. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara ýolagçy gatnawlarynyň bir bölegi dekabr aýyndan başlap, Aşgabada gönükdiriler. «Türkmen howa ýollarynyň» Stambuldan, Dubaýdan we Maýndaky Frankfurtdan amala aşyrylýan howa gatnawlary Aşgabadyň Halkara howa menziline gönükdiriler. Moskwanyň Domodedowo howa menzilinden (DME) uçýan uçarlar öňküsi ýaly Türkmenbaşa, Kazandan (KZN) uçýanlar bolsa Türkmenabada gelip gonarlar.

6. Türkmenistanda Italiýa Respublikasynyň täze ilçisi bellenildi. Luiji Ferrari bu wezipede öz kärdeşi Luçano Galliniň ornuna geçer. Italiýanyň Aşgabatdaky diplomatik gullugynyň täze ýolbaşçysy diplomatlyk wezipesine uly höwes we ýakymly duýgular bilen girişýär, şeýle hem ol iki ýurduň arasyndaky ýakyn dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda zähmet çekmek isleýär.

7. Milliarder Ilon Maskyň esaslandyran amerikan neýrotehnologiýa kompaniýasy «Neuralink» ýarym ýyldan soň elleriň kömegi bolmazdan kompýuterden we smartfondan peýdalanmaga mümkinçilik berýän adam bedenine ýerleşdirilýän çipleri synagdan geçirmäge taýýardyr.

8. Kazanda «Sberbankyň» yslamyň talaplary boýunça gurlan merkezi açyldy. Bankyň täze şahamçasynda Tatarstanyň we Russiýanyň beýleki sebitleriniň musulmanlary RF-niň kanunlaryna laýyk gelýän hyzmatlardan peýdalanyp bilerler. Bu ýerde hususy serişdeleriň (aktiwleriň) ynamdar dolandyrylyşy «mudaraba» diýlip, lizing bolsa – «ijara» diýlip atlandyryldy, bular musulman adalgalarydyr. Şeýle hem bu merkezde yslamda bank işiniň taryhyny şöhlelendirýän sergi açyldy, bu ýerde namaz okamak üçin aýratyn otag göz öňünde tutulandyr, naharhanada bolsa halal tagamlar we çeşme suwy hödürlenýär.

9. «Pantone» reňkler instituty 2023-nji ýylyň reňkini mälim etdi – ol «Viva Magenta» atly reňk boldy. Bu reňk açyk gyzyl, goýy gyzyl we melewşe reňkleriň garyndysydyr. Institutyň hünärmenleri bu reňki «çäksiz, mert we batyr» diýip atlandyrýarlar. «Pantone» tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň reňkini «Very Peri» diýip atlandyrypdy – ol institutyň hünärmenleri tarapyndan özbaşdak taýýarlanylan ýeňiljek çal öwüşginleri bolan gök reňkdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň