Soňky habarlar

Arhiw

Italiýa Aşgabatda täze ilçi belleýär

20:5602.12.2022
0
30860
Italiýa Aşgabatda täze ilçi belleýär
Surat: news.italy24.press

Italiýanyň Aşgabatdaky ilçisihanasyna täze ýolbaşçy bellenildi. Bu wezipä täze bellenen Luiji Ferrari ozalky ilçi Lýusiano Galliniň ornuny eýeledi diýip, «OnuItalia» habar berdi.

Neşiriň bellemegine görä, geljegi uly bolan gaz üpjünçiligi Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda has güýçli hyzmatdaşlygyň mowzuklarynyň birine öwrülip biler. Şol bir wagtyň özünde, Italiýanyň Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine ýokary baha berýändigi nygtalýar.

— Türkmenistandaky işime hyjuw we joşgun bilen girişýärin, bu ýerde dostlugy we ikitaraplaýyn gepleşikleri has-da ösdürmek ugrunda iş alyp bararyn — diýip, «OnuItalia» Ferrariniň sözlerini getirýär.

Şeýle hem çeşme Italiýanyň türkmen paýtagtyndaky diplomatik edarasynyň 2014-nji ýylda açylandygyny nygtaýar.

Belläp geçsek, Ferrari Rim uniwersitetiniň syýasat bölümini gutaryp, diplomatik karýerasyna 1993-nji ýylda Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärler müdirliginde başlapdy. 1996-njy ýylda Stokgolmda ol ilkinji gezek wezipä bellenilýär, 1999-njy ýyldan 2003-nji ýyla çenli bolsa Angolada işleýär.

Soňra Ferrari italýan daşary syýasat edarasy bolan Farnesina gaýdyp gelip, 2018-nji ýylda Kopengagende ilçi bellenýänçä içerki gulluklarda işledi. 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri bolsa ýene Italiýanyň Daşary işler ministrliginde syýasy meseleler boýunça baş müdirlikde iş alyp bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň