Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň başynda sapar bilen Türkiýe Respublikasyna barar, Türkmenistan Owganystandaky Saglyk öýüniň abatlaýyş işlerini geçirdi, Aşgabada Uly Moskwa sirki geler

11:2429.11.2022
0
28399

1. 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Ankarada geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat maslahatynda habar berdi.

2. Türkmenistan Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda ýerleşýän Saglyk öýüniň abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de lukmançylyk serişdeleriniň we enjamlarynyň tapgyryny ibermek bilen Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini berdi. Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda ýerleşýän Saglyk öýi ynsanperwer kömek hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan 2009-njy ýylda gurlupdy.

3. Aşgabatda Uly Moskwa döwlet sirkiniň artistleriniň gastrol bilen gelmegine garaşylýar. 2022-nji ýylyň 10-njy dekabryndan başlap 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli Türkmenistanyň Döwlet sirkinde «Moskwa sirki Wernadskiý şaýolunda» atly maksatnamasy boýunça çykyşlar ýerine ýetiriler. Dünýä derejesindäki artistler, reňkli egin-eşikler, baş öwredilen haýwanlar – bularyň ählisi dürli ýaşdaky tomaşaçylar üçin sirk çykyşlarynyň esasyny düzýär.

4. Nýu-Delide «ABU TV Song Festival» ady bilen telewizion aýdymlarynyň 11-nji festiwaly geçirildi. Bu Ýewrowideniýe bäsleşiginiň özboluşly nusgasydyr. Medeni çäre her ýyl Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşigi ABU tarapyndan geçirilýär. Nýu-Delidäki gala-konsertde Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň 9 agza döwletiniň iň gowy aýdymçylary çykyş etdiler. «ABU TV-niň» gatnaşyjylary bütin dünýäni öz ýurdunyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrdylar. Festiwalda Türkmenistana ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy – 2017» bäsleşiginiň ýeňijisi Ahmet Atajanow wekilçilik etdi. Ol «World-Live-Peace» aýdymyny ýerine ýetirdi.

5. Moskwadaky Solženisyn adyndaky Rus daşary ýurt öýünde türkmen fotosuratçysy Wýaçeslaw Sarkisýanyň sergisi açyldy. Sergi «Dünýä watandaşlarymyň gözi bilen» diýlip atlandyryldy, bu ýerde fotosuratçynyň 30-dan gowrak işi ýerleşdirildi, olar tomaşaçylary türkmen halky bilen – göwnaçyk we dostlukly adamlar, şeýle hem özboluşly milli aýratynlyklary, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýarlar. Sergi Rus daşary ýurt öýi we «Fotoiskusstwo» döredijilik birleşigi tarapyndan guraldy, ol 2023-nji ýylyň 29-njy ýanwaryna çenli dowam eder.

6. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» halkara festiwalynyň çäklerinde dabaraly konsert geçirildi. Foruma gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Aşgabada wekiliýetleri geldiler. Konsertiň maksatnamasyna festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň gadymdan gelýän milli aýdym-saz sungatynyň täsin nusgalary girizildi.

7. Geçen hepde döwrebap Golliwud we Aziýa kinematografiýasynyň tanymal wekilleriniň biri bolan Brýus Li 82 ýaşamalydy. Li 1940-njy ýylda San-Fransiskoda gonkongly emigrantyň maşgalasynda dogulýar. Ol çagalyk döwründen başlap kinoda surata düşýär, 14 ýaşynda bal tanslary bilen meşgullanyp başlaýar, hatda ça-ça-ça boýunça Gonkongyň çempionatynda hem ýeňiji bolýar. Şol wagt ol söweş sungatlary, esasan hem kung-fu bilen gyzyklanyp başlaýar. 1961-nji ýylda ol ABŞ-de hususy söweş sungatlary mekdebini açýar. «Gazap ýumrugy», «Aždarhanyň gaýdyp gelmegi», «Ölüm oýny» ýaly filmler bilen ol bütin dünýäde meşhurlyk gazanýar. Ahyrky filmini onuň özi bolmazdan tamamlaýarlar – Brýus Li 1973-nji ýylda kelle agyra garşy kabul eden derman serişdesinden dörän beýni çişi sebäpli biwagt aradan çykýar.

8. 28-nji noýabrda bütin dünýäniň prawoslaw hristianlary üçin Roždestwo posty (agyz beklemek döwri) başlandy. Ol prawoslaw Roždestwosy – 7-nji ýanwara çenli 40 gün dowam eder. Roždestwo posty döwründe haýwan ugurly azyk önümlerini iýmek gadagan edilýär, diňe balyklara rugsat berilýär. Agyz bekleýänleriň azyk önümleri, esasan, adaty çörekden, ýarmadan, miwelerden we gök önümlerinden, kömeleklerden, hozlardan, ösümlik ýagyndan ybarat bolýar. Bu günlerde ruhy tämizlik – doga okamak, ybadathanalara barmak, dini däpleri ýerine ýetirmek we toba etmek hem wajypdyr.

9. Türkmenistana wekilçilik edýän Aziza Gurbanowa kuraş göreşi boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Çempionat Hindistanyň Puna şäherinde geçirildi, oňa 60 ýurtdan türgenler gatnaşdylar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby 78 kilograma çenli agram derejedäki ýaryşda bürünç medaly eýelemegi başardy.

10. Türkmen türgenleri taýboks boýunça Türkiýede tamamlanan Antaliýanyň Kubogy – 2022 halkara açyk çempionatynda bäş medal gazandylar. Türkmen taýboksçulary 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazanmagy başardylar. Türkiýedäki ýaryşa 32 ýurtdan 756 türgen gatnaşdy. Türkmenistana 9 türkmen wekilçilik etdi.

Şeýle hem okamak üçin:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň