Soňky habarlar

Arhiw

Aziza Kurbanowa kuraş boýunça dünýä çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy

22:0028.11.2022
0
34492

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aziza Gurbanowa kuraş boýunça geçirilýän 13-nji dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Ýaryş Hindistanyň Puna şäherinde geçirilýär.

78 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşa gatnaşan Aziza ýeňişli ýoluny ýarym finala çenli üstünlikli dowam etdirdi. Ol diňe ýaryşyň şu tapgyrynda özbegistanly we koreýaly türgenlerden asgyn geldi. Şeýle-de bolsa, Azizanyň görkezen netijesi onuň dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp bolmagy üçin ýeterlik boldy.

61 ýurtdan 178 türgeni jemlän kuraş boýunça dünýä çempionaty dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň