Türkmenistanly türgenler taý boksy boýunça Türkiýede geçirilen Antalýanyň kubogy ― 2022 halkara ýaryşynda medallaryň bäşisine mynasyp boldular.
Ýaryş Taý boksy boýunça halkara federasiýanyň (IFMA) guramagynda 23 ― 27-nji noýabr aralygynda geçirildi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinden Turkmenportala berlen maglumata görä, türkmen taý boksçulary iri ýaryşda bir altyn we bir bürünç medala hem-de kümüş medallaryň üçüsine mynasyp boldular.
Dünýäniň 32 döwletinden 756 türgeni özünde ýygnan halkara ýaryşa Türkmenistan 9 türgen bilen gatnaşdy.
Ildeşlerimiziň altyn medalyny 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Aşgabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mustapa Saparmyradow eýeledi.
Kümüş medallary bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Bäşim Bäşimow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Muhammet Jumamyradow (81 kilograma çenli agram derejesinde) we Döwletmyrat Güýjow (91 kilograma çenli agram derejesinde) dagylar eýelediler.
Aşgabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi Muhammetbedi Röwşenow 91 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýurdumyzyň medal gaznasyna bir bürünç medaly goşdy.