Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly geçirilýär

12:1428.11.2022
0
22495

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy diýlip, türkmen metbugatynda habar berilýär.

Açylyş dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlag uly ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de munuň üçin medeniýet we sungat işgärleri gyzgyn elçarpyşmalar bilen döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdiler.

Halkara festiwalyň açylyş dabarasynyň dowamynda nusgawy türkmen sazlarydyr halk aýdymlary ýerine ýetirildi. Şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, Täjigistan Respublikasynyň A.Juraýew adyndaky Döwlet filarmoniýasynyň aýdym-saz toparynyň, Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň aýdym-saz toparynyň, Türkiýe Respublikasynyň Türk dünýäsiniň sazy we halk tans toparynyň, Gazagystan Respublikasynyň Gyzylorda filarmoniýasynyň «Akmeşit» folklor toparynyň, Gyrgyz Respublikasynyň «Etno Oş» folklor-etnografiýa toparynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Alpar» etno toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Festiwalyň dowamynda daşary ýurtly sazandalaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary, daşary ýurtly aýdym-saz toparlarynyň konserti geçiriler. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlaryň Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň