Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi

20:4528.11.2022
0
25682

Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif ş.) Baş konsullygyň guramagynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurlup, 2009-njy ýylyň awgust aýynda ulanyşa berilen Saglyk öýüniň durkunyň Türkmenistan tarapyndan düýpli abatlanyp berilmegi hem-de ynsanperwer kömegi hökmünde medisina enjamlaryň we derman serişdeleriň owgan tarapyna gowşurylmagy bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi.

DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, geçirilen dabaraly çärä, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy, Farýab welaýatynyň Garamgol, Gorgan, Andhoý we Hançarbag etraplarynyň häkimleri, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşaýjylary hem-de abraýly ýaşululary gatnaşdylar.

Ynsanperwerlik kömegi barada halk köpçüligine giňden ýaýratmak maksady bilen bu dabara Owganystanyň «Milli» teleýaýlymynyň, Owganystandaky türkmen diasporasynyň «Tolqun News» we beýleki ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklary gazanyldy.

Bulardan başga-da, dabaraly çäräniň dowamynda Garamgol etrap bilim bölüminiň başlygy Mahmut han Abdylla ogluna, etrabyň mekdeplerinde türkmen dili sapaklarynda gollanma hökmünde peýdalanmaklary maksady bilen 1 — 4-nji synplar üçin niýetlenen okuw kitaplary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň