Top.Mail.Ru

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisiniň işine gatnaşýar

20:0628.11.2022
0
18093

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Rabatda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 17-nji sessiýasy öz işine başlady.

Mejlisde ýurdumyza Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, şeýle-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa wekilçilik etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky diplomatik wekilhanasynyň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň dowamynda milli gymmatlyklary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak üçin tabşyrylan 46 hödürnama serediler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň gatnaşmagynda öňe sürlen: «Türkmen keşdeçilik sungatyny», «Ýüpek önümçiliginiň däplerini» we «Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça hödürnamalar bar. Mundan başga-da, gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni miraslaryň sanawyna goşmak üçin 4 hödürnama serediler.

Häzirki wagtda «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym-tans sungaty, Türkmen milli halyçylyk sungaty, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ýaly türkmen milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň