Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy, «Turkish Airlines» noýabrdan başlap Türkmenbaşa dowamly howa gatnawlaryny dikeldýär, Aşgabatdaly Puşkin teatry spektakllara çagyrýar

10:5022.10.2022
0
33175

1. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy, onuň dowamynda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekildi. Özbegistanyň Prezidentine Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Hormatly professory» alymlyk adynyň dakylmagy, Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň açylmagy, şeýle hem «Horezm – Daşoguz» serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygyna badalga berilmegi saparyň möhüm wakalary boldy.

2. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan başlap Türkiýeden Türkmenistana dowamly howa gatnawlaryny dikelder. Stambul – Türkmenbaşy – Stambul ugry boýunça howa gatnawlary hepdede iki gezek çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar. Howa gatnawlarynyň dowamlylygynyň artmagyna garaşylýar.

3. Türkmenistandan daşary ýurtlara ýyladyşhana pomidorlarynyň eksporty 2022-nji ýylyň başyndan bäri, takmynan, 50% artdy we 80 müň tonna ýetdi. Eksportyň ösmeginiň esasy sebäbi – önümçiligiň möçberiniň artmagy. Gyş üçin ýyladyşhanalarda ýetişdirilen pomidorlaryň ilkinji hasyly eýýäm häzirki güýz günlerinde daşary ýurtlara iberiler.

4. Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny güýzki spektakllara çagyrýar. Teatryň repertuarynda nusgawy ertekiler bilen birlikde, döredijilik eserleri hem bar.

5. Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe alabaý tohumly güjüjegi sowgat berdi. Türkmen alabaýy – Merkezi Aziýa owçarkasynyň bir görnüşidir. Bu tohum dünýäde iň gadymylaryň biri hasaplanýar we Türkmenistanyň milli gymmatlygydyr.

6. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan uçuşlaryň güýz-gyş tertibine geçýär, ol 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli dowam eder.

7. Rus haryt nyşany «Pepfer» sowet döwrüne degişli hojalyk serişdeleriniň we azyk önümleriniň görnüşi esasynda ýantorbalaryň toplumyny döretdi. Zenan ýantorbalary, şopperler, smartfonlar üçin kiçi ýantorbalar süýt satylýan üçburçlugyň, rafinad şekerleriniň, nahar duzunyň, sodanyň gutularynyň, azyk önümleri dolanýan kagyz gaplaryň şekilinde öndürilipdir. Ýantorbalaryň bezegi SSSR döwründäki şol harytlaryň gaplarynyň daşky şekilini gaýtalaýar.

8. Täze zelandiýada döwlet işgärlerinden kanuny derejede halk bilen ýönekeý, ýurduň her bir raýaty üçin düşnükli dilde, býuroktarik žargonlary ulanmazdan gürleşmek talap ediler. Hökümetiň wekilleriniň bellemeklerine görä, ýönekeý we her kim üçin düşnükli söz düzümlerinden peýdalanmak kanuny demokratiýany ahs içgin ornaşdyrmak we ähli kişiler üçin, esasan hem ene dili iňlis dili bolmadyklar, saglyk ýagdaýy bilen bagly meseleleri ýa-da has pes bilim derejesi bolanlar üçin elýeterli etmek bilen baglanyşyklydyr.

9. Aýdymçy Rianna şu ýylyň 11-nji noýabrynda ABŞ-de ýaýlyma çykjak «Gara Pantera: Wakanda hemişelik» filmi üçin aýdym ýazdy. Soňky ýyllarda Rianna filmlerde işjeň surata düşýär, 2016-njy ýyldan, ýagny onuň soňky studiýa albomy çykan pursatyndan bäri, aýdymçy birnäçe filmlerde, şol sanda Lýuk Bessonyň «Ouşeniň 8 jorasy» we «Walerian we müň planeta şäheri» filmlerinde surata düşdi.

10. «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky türkmen futbol derbisi 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde geçiriler. Duşuşyk sagat 16:00-da Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçiriler.

11. «Bawariýanyň» we Fransiýanyň ýygyndysynyň 39 ýaşly öňki ýarymgorgçysy Frank Riberi oýun karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi. Fransuz futbolçynyň soňky topary «Seria A-daky» «Salernitana» topary boldy, ol toparyň düzüminde 2021-nji ýylyň güýzünden bäri çykyş edip gelýärdi. Frank Riberi Çempionlar ligasynyň, Ýewropanyň Superkubogynyň, toparlaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisidir, «Bundesliganyň» 9 gezek çempionydyr, 5 gezek Germaniýanyň Kubogynyň we Superkubogynyň, şeýle hem Türkiýäniň kubogynyň eýesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň