Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan pomidoryň eksportyny 50 göterim ýokarlandyrdy

21:0021.10.2022
0
56836

Türkmenistanyň ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümlerine daşarky bazarda islegiň artmagy bilen baglylykda, ýurduň çäklerinde gurlan döwrebap ýyladyşhanalardan alnan pomidor hasylynyň daşary döwletlere eksport edilen möçberi şu ýylyň başyndan bäri 80 müň tonna golaý bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 50 göterim töweregi ýokarlandy. Eýýäm şu günki günlerde ýyladyşhanalarda gyş möwsümi üçin ýetişdirilýän pomidoryň ilkinji hasyllary daşary döwletlere iberilip başlandy diýlip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Bulardan başga-da, Türkmenistanda ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniň we miwe önümleriň üpjünçiligi içerki bazarlardan artýan möçberleri daşary döwletlere eksport etmek ýola goýuldy. Şu ýylyň başyndan bäri ter soganyň 10 müň tonnadan gowragy, däneli ekinleriň 16 müň tonnadan gowragy, mäşiň 7 müň tonna golaýy, gök-bakja önümleriň 6 müň tonna golaýy, ter miweleriň we üzümiň 3 müň tonnadan gowragy eksport edildi diýlip, habarda aýdylýar. Şeýle hem, ýurduň hususy önüm öndürijileri tarapyndan öndürilýän konditer önümleriniň, gaplanan gök-bakja we miwe önümleriniň, alkogolsyz içgileriň uly möçberleri daşarky bazara iberildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan eksport harytlarynyň gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, Gullugyň utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda eksport harytlaryny elektron görnüşde resmileşdirmek, şol sanda gümrük töleglerini awtomatik usulda hasaplamak, resminamalary sanly ulgam arkaly doldurmak işleri ýola goýuldy. Bu bolsa, daşarky bazara iberilýän harytlaryň gümrük amallaryny gysga wagtda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň