Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

22:2421.10.2022
0
36930

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany Aşgabadyň howa menzilinden ugratdy.

Saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama ýokary derejede gol çekildi. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça 10-dan gowrak resminama kabul edildi.

Şawkat Mirziýoýewe Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk adynyň dakylmagy, Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähiniň açylmagy, şeýle hem «Horezm - Daşoguz» serhet söwda zolagynyň gurluşygynyň başlanmagy saparyň möhüm wakalary hökmünde ýatda galdy diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy beýan edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň