Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede Stambul — Aşgabat howa gatnawynyň petekleriniň satuwy başlandy, Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 70-den gowrak näsag çaga operasiýa edildi, Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» sammitine gatnaşar

12:2412.10.2022
0
30651

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkiýedäki baş wekili Stambul — Aşgabat — Stambul howa gatnawy boýunça 2022-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynyň peteklerini satyp başlady. Howa gatnawynyň peteklerini Türkiýede «Hakim Turizm» syýahatçylyk kompaniýasynyň ofislerinden satyn alyp bolýar.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna, 70-den gowrak näsag çaga operasiýa bejergileri edildi. Şeýle-de haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine «Tiz kömek» awtoulaglary alyndy. Bu ugurda ýörite niýetlenen enjamlar bilen ýurduň bäş welaýatynyň hassahanalary üpjün edildi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Russiýa» sammitine gatnaşar. Ýokary derejeli duşuşygyň barşynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň Prezidentleri altytaraplaýyn görnüşde duşuşyk geçirip, onuň dowamynda dostlukly gatnaşygyň we strategik hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.

4. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi öz işine başlady. Bu çäre türkmen paýtagtyny «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde guralýar. TSSE-niň sergi zalynda ylym-bilim hem-de medeniýet ugurlary boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny şöhlelendirýän eserler halk köpçüligine tanyşdyryldy.

5. Eýranyň Bojnurd şäherinde türkmen atlarynyň gözelligine bagyşlanan festiwal geçirildi. Bu çäräniň maksady türkmen atlarynyň gözelligini wagyz etmekden, şeýle hem atçylyk däplerini ösdürmekden ybaratdyr. Festiwala Tähran, Gülüstan, Semnan we Horasan-Razawi ýaly Eýranyň dürli welaýatlaryndan 35 sany at gatnaşdy.

6. 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň karz edaralarynyň gazanan peýdasy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manatda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim artdy.

7. Özbegistanyň Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde oktýabr aýyndan başlap, «açyk asman» tertibi giriziler. Täze düzgüne laýyklykda, daşary ýurt kompaniýalary Samarkandyň howa menzilinden beýleki ýurtlara öz ýurtlaryna gonmazdan gatnawy amala aşyryp bilerler. Mundan başga-da, daşary ýurt awiakompaniýalary howa gatnawy barada hökümetara şertnamasynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan Samarkanda uçup bilerler.

8. 60 ýaşly Tom Kruz açyk kosmosda surata düşüriljek filmde çykyş etjek ilkinji aktýor bolup biler. Prodýuser Donn Lengliniň bellemegine görä, filmiň agramly bölegi Ýerde surata düşüriler. Kinonyň jemleýji sahnasynda bolsa filmiň baş gahrymany adamzat jemgyýetini halas etmek üçin kosmosa uçar. Şeýlelikde hem, Tom Kruz açyk kosmosa çykjak ilkinji aktýor bolar. «Çuňňur kosmos» diýlip atlandyryljak filmiň býujeti azyndan 200 million ABŞ dollary bolar diýlip kesgitlenýär.

9. Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň başlamazyndan alty gün öň, Rimiň «Olimpiko» stadionynda argentinaly rowaýaty futbolçy Diego Maradonanyň hormatyna «Dünýä duşuşygy» geçiriler. Bu dostluk futbol duşuşygyna futbolyň geçen nesliniň we häzirki nesliniň futbol ýyldyzlary gatnaşar. Oňa eýýam Lionel Messi, Ronaldinýo, Janluiji Buffon hem-de Žoze Mourinýo ýaly futbol ägirtleriniň gatnaşjakdygy mälim boldy.

10. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň dördünji duşuşygyndan soňra iki futbol topary pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. Häzirlikçe ýaryşyň 1/8 final tapgyryna Madridiň «Realy» we «Mançester Siti» toparlarynyň gatnaşjakdygy anyk belli boldy. Karlo Ançelottiniň tälim berýän «Realy» «Şahtýor» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnasa, «Mançester Siti» topary bilen «Kopengageniň» arasynda bolan duşuşyk 0:0 hasaby bilen tamamlandy. Toparlaryň ikisi hem 10 utuk topladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň