Turkmenportal logo
11.10.22
3901439014
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkiýedäki baş wekili noýabr-dekabr aýlarynyň peteklerini satyp başlady
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkiýedäki baş wekili noýabr-dekabr aýlarynyň peteklerini satyp başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkiýedäki baş wekili bolan «Hakim Turizm» syýahatçylyk kompaniýasy Aşgabatdan Stambula we yzlygyna noýabr hem-de dekabr aýlary üçin petekleriň satuwynyň açylandygyny habar berdi. Bu barada syýahatçylyk kompaniýasy Turkmenportala ýörite mälim etdi.


Aşgabat ― Stambul ― Türkmenbaşy aralygyndaky uçar gatnawy hepdede dört gezek: duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.


Bir tarapyň peteginiň iň aşaky bahasy ABŞ-nyň 403 dollary möçberinde.


Uçar peteklerini Türkiýede syýahatçylyk operatory «Hakim Turizmiň» ofislerinde aşakdaky salgylardan satyn alyp bilersiňiz:


  • Türkiýe, Stambul, Mežidiýekýoý, Mecidiyeköy Mah. Lati Lokum Sok. No:4/C, Şişli; Telefon belgisi: +902125229966;
  • Türkiýe, Stambul, Kadykýoý, Rasimpaşa Mah. Söğütlüçeşme Cad. Beyciğim Sk. No:6 Kadıköy;Telefon belgisi: +902163387779;
  • Türkiýe, Stambul, Aksaraý, Kemalpaşa Mah. Selimpaşa Sk. No:42 Fatih;Telefon belgisi: +902125263716;
  • Türkiýe, Stambul, Kyzylaý Telefon belgisi: +903122307501;

«Hakim Turizm» syýahatçylyk operatorynyň Türkiýedäki kömek bölümi: +902125229966 (ýerli wagt bilen 09:00-dan 19:00-a çenli jaň ediň).


Elektron salgysy: bilet@hakimtur.net


Habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazan (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Minsk (Belarus) we Dubaý (BAE) ýaly şäherlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.