Soňky habarlar

Arhiw

Maradonanyň hatyrasyna «Dünýäniň duşuşygy» geçiriler

09:2511.10.2022
0
21731

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna alty gün galanda, Rim şäherindäki «Olimpiko» stadionynda «Dünýäniň duşuşygy» atly futbol baýramçylygy geçiriler. Bu çäre argentinaly ýyldyz Diego Maradonanyň hatyrasyna guralýar.

Ýoldaşlyk duşuşygynda futbol dünýäsiniň meşhur ýyldyzlary gatnaşar. Olaryň arasynda Lionel Messi, Ronaldinýo, Janluiji Buffon, Žoze Mourinýo ýaly futbol ýyldyzlary bar.

Duşuşyk 14-nji noýabrda geçirilýär. «Dünýäniň duşuşygyny» Rim Papasy Fransiskanyň gaznasy guraýar.

Maradonanyň 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň