Top.Mail.Ru

Arhiw

«Dizaýn — 2022» Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» halkara sergisi öz işine başlady

12:1611.10.2022
0
18814
«Dizaýn — 2022» Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» halkara sergisi öz işine başlady
Surat: Türkmenmetbugat

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi öz işine başlady. Ol türkmen paýtagtyny «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan bilelikde guraldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, şu günki forum we halkara sergi pudagara derejedäki, şeýle-de türkmen telekeçileriniň, döredijilik ussatlarynyň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döreder. Hususan-da, «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň, binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň