Soňky habarlar

Arhiw

Tom Kruz açyk kosmosda kino düşmekçi

17:3811.10.2022
0
22992

Amerikaly meşhur aktýor Tom Kruz açyk älemde kino surata düşjek ilkinji aktýor bolar. Ol režissýor Dug Liman tarapyndan surata alynjak «Çuň kosmos» atly filmde baş keşbi janlandyrar diýip, «New York Post» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Prodýuser Donna Lengliniň aýtmagyna görä, filmiň agramly bölegi Ýerde surata düşüriler, ahyrky jemleýji görnüşler baş gahrymanyň adamzady halas etmek maksady bilen kosmosa uçmagy bilen bagly bolar.

«Bize örän gyzykly taslama garaşýar. Biz Tomy HKS-a (Halkara Kosmos stansiýasy) eltmekçi, ol ýerde hakyky tutluşyk bolar. Tom açyk kosmosa çykan ilkinji raýat bolar» diýip, prodýuser gürrüň berýär.

«Çuň kosmos» atly filmiň býujeti 200 million dollara deň bolar.

Emma Tom Kruzdan öň rus kinoçylary HKS-da ilkinji çeper filmi surata düşürdiler. Režissýor Klim Şipenko we aktrisa Ýuliýa Peresild 2021-nji ýylyň güýzünde kosmonawtlaryň toparynyň düzüminde Halkara kosmos stansiýasyna baryp, ol ýerde 12 günläp çeper film surata aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň