Arhiw

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 70-den gowrak näsag çaga operasiýa edildi

12:2111.10.2022
0
25390

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň dokuz aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisde wise-premýer N.Amannepesowyň döwlet Baştutanyna beren hasabatynda beýan edilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna, 70-den gowrak näsag çaga operasiýa bejergileri edildi hem-de mekdep-internatlarynda, çagalar öýlerinde terbiýelenýän we okaýan çagalar lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlaryň 14-sinde türkmen hünärmenleriniň 163-si öňdebaryjy klinikalarda hünärlerini kämilleşdirmek boýunça iş saparlarynda boldular.

Belläp geçsek, düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde öz işine başlan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergide Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bölümi hem ýerleşdirildi. Sergä aýlanyp görýänler üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurtda amala aşyrylan ynsanperwer işler bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Döwletliler köşgünde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarynda terbiýelenilýän howandarlyga mätäç ýaş türkmenistanlylara Aşgabadyň we ýurduň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, lukmançylyk serişdelerini satyn almak we olaryň alýan bejergileriniň tölegleri üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Şeýle-de howandarlyga mätäç çagalara, mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna gaznanyň hasabyna protez önümleri, eşidiş enjamlary, maýyplar üçin arabalar satyn alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň