Oktýabrda Türkmenistana «Belawiýanyň» howa gatnawlary dikeldiler, döwrebap mebelleri taýýarlamagyň wezipeleri, rus bardynyň Daşoguzdaky mekdep ýyllary

09:5904.10.2022
0
25559

1. Belarussiýanyň «Belawia» awiakompaniýasy Türkmenistana uçuşlary dikeltmegi meýilleşdirýär. «Belawia» Minsk – Türkmenbaşy – Minsk ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar. Minskden Türkmenbaşa uçuşlar sişende günleri, Türkmenbaşydan Minske çarşenbe günleri amala aşyrylar. Ilkinji uçuşyň 2022-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda amala aşyrylmagyna garaşylýar.

2. Mebelleriň taýýarlanylyşy barada gyzykly maglumatlary bilmek isleýärisňizmi? Onda Ýazgül Meredowanyň ýörite reportažyna tomaşa ediň.

3. Meşhur rus bardy, şahyr we dramaturg Ýuliý Kim özüniň Daşoguz şäherinde geçiren ýaşlyk ýyllary barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň demirgazygynda 1951-nji ýyldan 1954-nji ýyla çenli ejesi bilen ýaşady, ýerli mekdepde bilim aldy. Kim türkmen çöreginiň, gawunynyň, garpyzynyň adaty bolmadyk tagamy barada we Daşoguzyň bazarynyň özüni haýran galdyran jomartlygy barada gürrüň berdi.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy oktýabr aýynda Türkiýä we Belarussiýa dowamly ýolagçy gatnawlarynyň dikeldiljekdigi hakyndaky habary tassyklady. «Hormatly ýolagçylar! Aşgabat – Stambul we Aşgabat – Minsk howa gatnawlary dikeldilýär» – diýlip, awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

5. «Hakim Turizm» syýahatçylyk kompaniýasy 2022-nji ýylyň oktýabr aýy üçin Aşgabat – Stambul – Türkmenbaşy howa gatnawlary boýunça awiapetekleri satuwa çykardy. Uçarlar bu ugur boýunça hepdede dört gezek – duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri uçarlar. Bir tarap üçin ekonom klass peteginiň bahasy 403 ABŞ dollaryna deňdir, biznes-klassyňky bolsa – 703 ABŞ dollaryna deňdir.

6. A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç etdiler. Okuwçylar muzeý gymmatlyklarynyň buýsanjy bolan üç sany äpet haly bilen tanyşdylar. Çagalara olaryň dokalyş taryhy bilen tanyşmak örän gyzykly boldy. Muzeýa syýahatçylygy etnograf, taryh ylymlarynyň kandidaty Ajap Baýryýewa alyp bardy.

7. «Omega» kompaniýasy Ýewropa kosmos agentligi bilen birlikde «Speedmaster X-33 Marstimer» atly hem Ýerde, hem Marsda işlemäge ukyply ilkinji goşar sagadyny döretdi. Sagatda Gün kompasy, tükeniksiz kalendar we wagty kesgitlemek üçin özboluşly taýmer ýerleşdirilipdir.

8. Tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Daşkentde iki hepdelik türgenleşik geçirer. Bu Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynyň saýlama çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasyndaky taýýarlygyň ahyrky tapgyry bolar. Türkmenistanyň topary bilen Özbegistanyň ýygyndysynyň tennisçileriniň arasynda dostluk duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň