Turkmenportal logo
03.10.22
5110951109
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belawiýa» Türkmenistana uçuşlaryny gaýtadan dikelder
«Belawiýa» Türkmenistana uçuşlaryny gaýtadan dikelder

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçuşlaryny täzeden başlamagy meýilleşdirýär diýip, Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasy habar berýär.


«Belawiýa» awiakompaniýasy Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugurlary boýunça uçuşlary amala aşyrar. Gatnawlar sişenbe güni Minskden Türkmenbaşy, çarşenbe güni Türkmenbaşydan Minsk aralygynda bolar.
Ilkinji uçuşyň 2022-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda bolmagyna garaşylýar.


Goşmaça maglumat üçin Belarusyň ilçihanasy «Belawiýa» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasyna ýüz tutmagy maslahat berýär: 2028 köçe (A.Gowşudowa), 50/2 bina, 2-nji gat («Teke ​​bazary», Ak Deňiz binasy, 2-nji gat)


  • Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312926409;
  • E-poçta: ashgabat@belavia.by

Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň global pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny ýatladýarys. «Belawiýa» hepdede bir gezek «Boeing 737» uçarynda Minsk —Aşgabat — Minsk aralygy boýunça yzygiderli uçuş amala aşyrdy.


Häzir wagtda «Belawiýa» sekiz ýurtdaky 16 howa menziline gatnawlary amala aşyrýar.