Wladimir Norow Özbegistanyň daşary işler ministri wezipesine bellenildi

20:1309.09.2022
0
16628

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Wladimir Norowy Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri wezipesine bellemek baradaky resminama gol çekdi. W.Norow häzirki wagta çenli ministriň wezipesine ýerine ýetirýärdi diýlip, resmi özbek elektron neşirlerinde habar berilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Imamowiç Norowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak baradaky Permana gol çekdi. Bu orden diplomata Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary, şeýle hem iki ýurduň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge şahsy goşandy üçin gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň