1. Owganystanyň wekiliýeti TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin üçin Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär. Gazyň nyrhy we Hyratda taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça duşuşyklar geçiriler.
2. Ýakyn günlerde Russiýanyň demir ýollary kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň sapar bilen Aşgabada gelmegine garaşylýar. Bu hakda Russiýanyň ilçisi Aleksandr Blohin Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifingde belläp geçdi.
3. Türkmenistan «Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesi boýunça Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleri görýär we bu geçelgä birikmegi maksat edinýär. Bu hakda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Aşgabatda geçirilen brifingde belläp geçdi.
4. ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hemişelik we iki sany wagtlaýyn iş orunlary üçin işgärleriň kabul edilýändigini yglan etdi.
5. Türkmenistanlylara onlaýn-barlaglardan geçmek teklip edilýär, onuň kömegi bilen her bir adam öz saglygyna bolan gatnaşygyny ýüze çykaryp biler.
6. Erkekleriň durmuşy aňsat diýen pikir her bir aýalyň kellesine, iň bolmanda, ömründe bir gezek gelendir. Bu bellibir derejede dogry. Çünki erkeklerde örän köp endikler we artykmaçlyklar bar. Şu makalada siziň üçin üns bermeli 7 sany endik hakynda maglumatlary topladyk.
7. 2023-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkiýede Prezident saýlawlary geçiriler. Ol ýurduň häzirki Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň dalaşgärlik etmeginde geçiriljek ikinji saýlawdyr.
8. Wena tehnologik uniwersitetiniň alymlarynyň işläp taýýarlamalary simsiz tor tehnologiýasyny düýbünden üýtgetmäge itergi berdi. Hünärmenler Wi-Fi radiosignallarynyň içinden kynçylyksyz geçmegine mümkinçilik berýän diwar materialyny döretdirler.
9. Braziliýanyň milli ýygynysynyň oýunçysy Kazemiro Madridiň «Realyndan» «Mançester Ýunaýtede» geçer. Toparlar mümkin bolan transfer hakynda ylalaşdylar. Kazemiro eýýäm jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasynda Madridiň «Realy» bilen hoşlaşdy.
10. «Abdyş-Atynyň» türkmen derwezebany Rahat Japarow Gyrgyzystanyň futbol boýunça çempionatyň 17-nji tapgyrynda «Neftçi» bilen duşuşykda oýnuň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi. Şenbe güni Koçkor Atada geçirilen duşuşyk myhmanlaryň ýeňşi bilen «Abdyş-Atynyň» peýdasyna 2;1 hasabynda tamamlandy.