Soňky habarlar

Arhiw

«Rusdemirýollarynyň» wekilleri Türkmenistanda saparda bolarlar

12:2820.08.2022
0
48747

Ýakyn günlerde rus wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlary meýilleşdirilýär. Şol sanda Russiýanyň demir ýollarynyň başlygy Oleg Belozerowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem saparynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Aşgabatdaky Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde aýtdy diýip, «RZD-partner.ru» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Blohin öz çykyşynda häzirki wagtda Aziýa sebitinde täze maddy-tehniki üpjünçiligiň işjeň emele gelmeginde Türkmenistanyň geografik ýerleşişiniň uly ähmiýete eýedigini, şonuň bilen birlikde sebitde multimodal ulag geçelgeleriniň esasy çatrygy bolup durýandygyny nygtady.

Diplomat Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistan bilen ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini aýtmak bilen, ýakyn wagtda «Rusdemirýollarynyň» wekiliýetiniň Aşgabada sapar bilen gelmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň