Soňky habarlar

Arhiw

Welosipedde Türkiýä ugran gyrgyz ýaşulusy Türkmenistana geler

22:4807.08.2022
0
10941
Welosipedde Türkiýä ugran gyrgyz ýaşulusy Türkmenistana geler
surat: KHABAR

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň ýaşaýjysy, 75 ýaşly Mamyt Taştanow IV Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşmak üçin, Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherine welosipedli ýola düşdi. Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň merkezi meýdançasynda ony syýahata ugratmak dabarasy geçirildi diýip, «Kabar» habarlar agentligi ýazýar.

Habarda beýan edilişine görä, uzak syýahata welosipedli atlanan Mamyt Taştanowy ugratmak dabarasyna Oş şäheriniň ýolbaşçylar düzümi, medeniýet işgärleri, habar beriş serişdeleriniň we ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşypdyrlar.

Ýeri gelende bellesek, özüniň bu ýörişi arkaly türki dilli döwletleriň dostlugyny berkitmegi maksat edinen gyrgyz ýaşulusy M.Taştanow Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Türkiýäniň Bursa şäherine barmak üçin, öz welosipedi bilen 5 döwletiň – Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň üstünden geçer.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, häzirki wagtda Türkiýede geçirljek IV Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär. Oýunlar şu ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda geçiriler.

Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň we Türkiýäniň Etnosport federasiýasynyň başlygy Hakan Kazançiniň sözlerine görä, sport çäresini gurnaýjylar Iznikde rekord derejede 300 000 myhmany garşy almaga taýýarlyk görýärler.

Kazançi oýunlara görülýän taýýarlyk barada şeýle gürrüň berýär: «Iznik kölüniň golaýynda 473 müň inedördül metr meýdanda oýun geçirmek üçin ýörite meýdança taýynladyk. Munuň üçin 50 müň tonnadan gowrak material sarp edildi. Esasy tribunada 5000 tomaşaçy ýerleşer. Mundan başga-da, beýleki stendler, göreş we ok atmak üçin meýdançalar hem gurlar. Oýunlara taýýarlyk döwründe guramaçylar tarapyndan ähli jikme-jiklikler göz öňünde tutuldy. Oýunlara taýýarlyk üçin 500 ata niýetlenen teblehana, şeýle hem ok atmak üçin türgenleşik meýdançalary guruldy. Ýaryşyň dowamynda göreş, at sporty we ok atmak ýaly 40-dan gowrak sport görnüşi boýunça bäsleşikler geçiriler. Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary etnosporty gorap saklamaga kömek edýär».

Olimpiýa oýunlarynyň özboluşly meňzeş hasaplanýan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary ilkinji gezek 2014-nji ýylda Gyrgyzystandaky Yssykkölüň kenarynda geçirilipdi. Ilkinji oýunlara Azerbaýjan, Awstriýa, Owganystan, Belarus, Braziliýa, Germaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Litwa, Mongoliýa, Russiýa, ABŞ, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Fransiýa, Şwesiýa, Koreýa Respublikasy ýaly 19 ýurtdan türgenler gatnaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň