Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýasy Azerbaýjanda ilkinji wekilhanasyny açar

16:4627.07.2022
0
7699
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýasy Azerbaýjanda ilkinji wekilhanasyny açar
Surat: Report

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi (TLUM) Azerbaýjanda resmi wekilhanasyny açar.

Degişli resminama Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň çäginde gol çekilendigi habar berilýär. Azerbaýjanyň «Caspian Logistics Solutions» kompaniýanyň TLUM-yň resmi hyzmatdaşy bolup, Azerbaýjanda wekilhananyň hasaba alynmagyny we işlemegini guramak üçin jogapkär bolar diýip, report.az saýtynda habar berilýär.

Taraplaryň arasynda gol çekilen resminama kompaniýalaryň gyzyklanmalaryna, hyzmatlaryna wekilçilik etmek, ýük daşamagy guramak we sebitde logistika çözgütleri bermek ugrundaky hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ 2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredildi. Merkez ýurtda logistika ulgamyny ýokarlandyrmak, tranzit ýükleriň möçberini artdyrmak, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan ýük alyja gowşurmak we logistiki çözgütleri işläp düzmek bilen meşgullanýar.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň