Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýaly bilermen: 50 ýyldan gowrak ýanýan Derweze kraterini söndürmegiň üç mümkin bolan usuly bar

13:4809.01.2025
0
17096

Russiýanyň Tebigy baýlyklar ministrliginiň «Ekologiýa» Bütinrussiýa ylmy-gözleg institutynyň direktorynyň orunbasary Wadim Petrow Türkmenistandaky ýarym asyrdan gowrak üznüksiz ýanyp duran Derweze gaz kraterini söndürmegiň üç mümkin bolan usulynyň bardygyny nygtady – diýip, RIA Nowosti agentligi habar berýär.

Petrowyň sözlerine görä, birinji usul oňa kislorodyň barmagyny bes etmek üçin krateri çäge we toýun ýaly oda çydamly materiallar bilen doldurmakdan ybarat bolup durýar. Ikinji usuly krateriň üstünde gaz geçirmeýän, aşa gyzgynlyga çydamly örtük döretmek arkaly ýerine ýetirip bolar. Üçünji usuly amala aşyrmak üçin kraterden çykýan gazyň basyşyny peseltmek hem-de onuň akymyny başga tarapa gönükdirmek maksady bilen goşmaça guýulary gazmaly bolar.

Şunda bilermen teklip edilen usullaryň islendik birini durmuşa geçirmek tehniki taýdan çylşyrymly we maliýe taýdan gymmat düşjekdigini belleýär.

Şeýle hem «Garagumyň ýalkymy» diýen ady alan Derweze krateri 1971-nji ýylda geologiýa-gözleg işleriniň dowamynda, sowet hünärmenleri tarapyndan tötänleýin tapylyp, ol ýokarky toprak gatlaklarynyň çökmegi bilen, gaz boşlugy ýüze çykarylanda emele gelipdi. Gazy ýakmak synanyşygy bolsa diametri 60 metr we çuňlugy 20 metre golaý bolan hemişe ýanýan krateriň döremegine getiripdi.

Bilermen sebitdäki gazyň ätiýaçlyklary barada maglumatlaryň ýokdugy sebäpli, krateriň tebigy ýagdaýda sönmegi üçin gerek boljak wagty çaklamagyň kyn boljakdygyny belleýär. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň dünýäde tebigy gazyň ätiýaçlyklary boýunça dördünji orunda durýandygyny göz öňünde tutup, bu gazly krater adamyň gatyşmadyk ýagdaýynda ýene-de onlarça ýyllap ýanyp biler.

Ozal «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa TASS agentligine beren interwýusynda Ylmy-barlag institutyň alymlarynyň ýanýan krateriň meselesini çözmegiň dürli görnüşlerini öwrenendiklerini we ýataklaryň golaýynda gazy sorjak guýyny gazmagyň ýeke-täk çözgüt bolup durýandygy barada netijä gelendiklerini habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň