Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissarynyň kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowa bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda ulag-logistika bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şeýle-de ÝB bilen Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasyndaky işjeň gatnaşyklary dowam etdirmek bilen bagly öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, ulag pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolmagynda galýar, sebäbi Merkezi Aziýa iki yklymyň strategik çatrygydyr. Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça täze bellenilen komissarynyň Türkmenistana saparynyň mümkinçiligi barada pikir alşyldy. Bu saparyň gün tertibiniň esasy temasynyň hem ulag-logistika pudagy bilen bagly bolmagyna garaşylýar.