Toýdan soňra ýaş çatynjalar fotografyň hakyny töläp bilmediler, şonuň üçin olar toýlarynyň ýadygärlik suratlaryny göreris diýip umyt etmeýärdiler. Bu barada «New York Post» gazetine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.
77 ýaşly Margaret we 78 ýaşly Barri Şarmanlar 1968-nji ýyldan nikalaşdylar. Olar nika toýy ýadygärlik surata düşürmek üçin toý fogografyny hakyna tutdular. Emma wagty gelende, olar suratça hakyny töläp bilmediler.
Şondan bäri är-aýal fotosuratlary göreris öýdüp umyt hem etmeýärdiler. Emma golaýda Margaretiň boýdaşy Sandra Farinýuk öz işleýän muzeýinde olaryň toýunda alnan fotosuratlaryň üstünden bardy. Onuň jorasyna Roždestwo baýramynyň öňýanynda garaşylmadyk sowgat edesi geldi. Fotosuratlar oňat bejerilenden soňra, Sandra olary boýdaşyna ugratdy. Haçanda är-aýal sowgatly gutyny açanlarynda, şatlykdan uçaýjak boldular.
78 ýaşly Barri bu waka barada: «Margaret şatlykdan ýaňa özüni ýitiräýdi. Ol kän aglady. Bu begenç gözýaşydy» diýip, gürrüň berdi.