Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana sapary, Aşgabatdaky K-pop festiwaly süýşürildi, howanyň +46° çenli gyzmagyna garaşylýar we beýleki habarlar

10:5815.07.2022
0
30413

1. 14-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana iki günlük döwlet sapary başlandy. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda 19 sany resminama gol çekildi we iki ýurduň arasyndaky köpugurly strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň uzakmöhletli wezipeleri kesgitlendi.

2. Ýakyn günlerde Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň +46° çenli ýetmegine garaşylýar. Türkmenistan bilen goňşy sebitlerde hem howanyň gyzjakdygy bellenilýär. Gazagystanyň Mangyşlak sebitinde +41°…+46°, Özbegistanyň käbir ýerlerinde bolsa gyzgynlyk +45° ýeter.

3. Koreýa Respublikasynyň türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda geçiriljek K-pop festiwalynyň senesini üýtgetmek kararyna geldi. Ony 16-njy iýulda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirmek meýilleşdirilýärdi. Festiwalyň täze senesiniň mälim edilmändigi bellenilýär.

4. Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň resmi e.gov.tm saýtynda internet-hyzmatlaryny Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň bank kartlary bilen tölemek mümkinçiligi peýda boldy.

5. «Berkarar» söwda merkezindäki «Ramsey» dükanynda erkek egin-eşikleri üçin 60% arzanladyş yglan edildi. Dükanda döwrebap geýinmegi halaýan erkekler üçin gündelik, iş we sport geýimleri hödürlenýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 61) 64 41 18.

6. 16-njy iýulda Aşgabatda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» söwda merkezinde «Keşdeçileriň ýarmarkasy» geçiriler. Bu ýerde elde taýýarlanan bezegleri, aksessuarlary, oýunjaklary, sowgatlyklary, suratlary we öý üçin dürli bezeg önümlerini satyn alyp bilersiňiz. Ýarmarka merkeziň birinji gatynda, «Talhan» kafesiniň ýanynda sagat 12:00-dan 20:00-a çenli hereket eder.

7. Türkmenabatda döwrebap ýolagçy awtomenziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Häzirki günde gurluşyk meýdançasynda 160-dan gowrak hünärmen zähmet çekýär. Binany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar.

8. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy örtük düzgünini gaýtadan girizmegi teklip edýär. Bu barada guramanyň ýolbaşçysy Teodor Adanom Gebreýesus pandemiýany aradan aýyrmak boýunça geçirilen mejlisiň netijeleri esasynda belläp geçdi. «Keseliň täze tolkunlarynyň ýüze çykmagy COVID-19 pandemiýasynyň heniz tamamlanmandygyny aňladýar» – diýip, Gebreýesus belleýär.

9. Ýewropada dowam edýän adaty bolmadyk yssy howa sebäpli diňe adamlar däl, eýsem, haýwanlar hem ejir çekýärler. Ispaniýada howanyň temperaturasy 40 gradusa çenli gyzdy, şeýle howada haýwanlaryň özlerini rahat duýmaklary üçin Madridiň haýwanat bagyndaky haýwanlary miweli doňdurmalar bilen iýmitlendirip başladylar.

10. Şu gün Daşkentde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty başlanýar. Bäsleşige 21 döwletden 300-den gowrak agyr atletikaçy gatnaşar. Çempionata ýaňy-ýakynda IWF-iň ýolbaşçysy wezipesine bellenen Mohammed Jaludyň baştutanlygyndaky Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşarlar.

11. Futbol boýunça 2022-nji ýylyň möwsümi üçin AFK Kubogy ugrundaky çempionatyň final duşuşygy 22-nji oktýabrda geçiriler. Esasy final duşuşygyna «Günbatar» ýa-da «Gündogar» zolaklarynda geçirilen çempionatlarda finala çykan toparlaryň biri gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň