Soňky habarlar

Arhiw

Reper Akon Türkmenistanda geçirilen konsertde çykyş etdi, Putin Hazar sammitiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer, «Turkmenportal» mobil goşundysyny 100 müňden gowrak ulanyjy ýükläp aldy

11:1829.06.2022
0
11822
Reper Akon Türkmenistanda geçirilen konsertde çykyş etdi, Putin Hazar sammitiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer, «Turkmenportal» mobil goşundysyny 100 müňden gowrak ulanyjy ýükläp aldy

1. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmaklarynda konsert geçirildi. Şowhunly dabarada Akon, Demet Akalyn, Dr. Alban, Emin Agalarow, Artik & Asti we beýlekiler çykyş etdiler.

2. Putin Aşgabatdaky Hazar sammitiniň çäklerinde dört sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer.

3. 100 müňden gowrak ulanyjy mobil enjamlar üçin niýetlenen «Turkmenportal» habarlar goşundysyny gurnady. Mobil goşundy 2021-nji ýylyň ýanwarynda işe girizilipdi.

4. Sergeý Lawrow Hazar sebitiniň döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

5. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabatda geçirilen duşuşygyň çäklerinde Hazar deňizi sebitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkimçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

6. Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda 15 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Täze ýaşaýyş jaýlary Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden dabaralandyrylýan gününde bagtyýar maşgalalara ajaýyp toý sowgady boldy.

7. Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hünärmenleri iş sapary bilen Daşkende giderler. Saparyň dowamynda türkmen metrologlary 28-30-njy iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek «Hil infrastrukturasy we önümçilik pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly maslahata gatnaşarlar.

8. Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça doly ygtyýarly hünärmeni Ýazdursun Gurbannazarowa Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýanyň Ombudsmenleriň I forumyna gatnaşdy.

9. Täze «Mercedes-Benz Vision EQXX» 1202 kilometr aralygy geçip, bir gezek kuwwatlandurmakda uzak aralygy geçmek rekordyny goýdy. Awtomobil bu aralygy ortaça 83 km/sag tizlikde, käbir ýerlerde bolsa tizligini 140 km/sagada çenli tizligi artdyryp, 14,5 sagadyň dowamynda geçdi.

10. Aşgabatda futzal boýunça Türkmenistanyň Superligasynyň üçünji aýlaw tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýurduň çempiony derejesine eýe bolmak ugrunda sekiz sany futzal toparlary güýç synanyşýarlar. Üçünji aýlaw tapgyrynyň netijeleri boýunça Superligada 7 utuk bilen «Deňizçi», «Köpetdag» we «Senagatbank» öňdäki orunlary eýeleýärler.

11. «Realyň» we Uelsiň öňki ýarymgoragçysy Amerikanyň Los-Anjeles Galaksi topary bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy, şertnamada ýene 18 aý uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr. Täze toparda oňa Karlos Wela we Jorjo Kýellini şäriklik ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň