Soňky habarlar

Arhiw

Garet Beýl «Los Anjeles» futbol toparyna geçdi

11:4428.06.2022
0
6375

«Los Anjeles» futbol topary welsli futbolçy Garet Beýl bilen transfer şertnamasyny baglaşandygyny yglan etdi.

Madridiň «Realynyň» ozalky ýarymgoragçysy amerikan futbol topary bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy we futbolçynyň bu şertnamany geljekde 18 aýa çenli uzaltmagy hem mümkindir.

Beýl Ispaniýanyň futbol boýunça ligasynyň geçen möwsüminde «Real» toparynyň düzüminde 5 duşuşyga gatnaşyp 1 gol geçirdi.

«Los Anjeles» topary bolsa MLS-iň Günbatar konferensiýasynda geçen 16 tapgyrdan soň ilkinji orny eýeleýär.

«Los Anjeles» toparynda başga-da meşhur futbolçylardan 33 ýaşly meksikaly hüjümçi Karlos Wela hem-de toparyň düzümine ýakynda iýun aýynda goşulan 37 ýaşly Jorjo Kiýellini çykyş edýär.

32 ýaşly Garet Beýl Welsiň milli ýygyndysynda häzire çenli iň köp gol geçiren futbolçydyr (37 gol). Futbolçy Madridiň «Realynyň» düzüminde bolsa 5 gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň