Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat — Kerki howa gatnawy iýul aýyndan başlap her günde amala aşyrylar

13:5025.06.2022
0
13513
Aşgabat — Kerki howa gatnawy iýul aýyndan başlap her günde amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy iýul aýyndan başlap Aşgabat — Kerki ugry boýunça howa gatnawlaryny her günde ýola goýup başlar. Bu barada «Turkmenportal» habarlar portalyna awiakompaniýanyň sorag-jogap gullugy maglumat berdi.

Tomus möwsüminde «Türkmenistan» awiakompaniýasy gatnawlarynyň ýygylygyny hepdede 4-den 7-ä çenli artdyrar. Gatnawlar ortaça bir sagada çenli dowam eder.

Aşgabatdan Kerkä çenli ýolagçy howa gatnawynyň peteginiň bahasy — 163 manat. Bu ugur boýunça yzyna bolýan gatnawlaryň petegi hem şu bahadan satylýar. Bir ýolagçy üçin petekleriň bahasy iki tarapyna 326 manada deň bolýar. 2 — 12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin bolsa başga nyrhnama esasynda aýratyn orunda oturmagy we petegiň bahasy babatda 50 % arzanladyşly mümkinçilik bar.

Kerki halkara howa menziliniň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň iýun aýynda bolupdy. Howa menzili howpsuz, ygtybarly hem-de ýokary hilli uçuş hyzmatlaryny hödürlemek bilen, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap Kerki howa menzilinden Aşgabada we Daşogza, maý aýyndan bäri bolsa Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlary amala aşyrylýar.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň