Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat bilen Kerki şäherleriniň aralygyna howa gatnawlary açyldy

20:1903.01.2022
0
15715
Aşgabat bilen Kerki şäherleriniň aralygyna howa gatnawlary açyldy

Şu gün Aşgabat bilen Kerkiniň aralygynda ýola goýlan howa gatnawy öz işine başlady. Bu barada Mir-24 habar berýär.

Aşgabat bilen Kerki biri-birinden 800 km uzaklykda. Döwrebap Boeing 737-700 uçary bu aralygy 1 sagatda geçip biler. Uçar 128 ýolagçy üçin niýetlenendir.

Şäherleriň arasynda yzygiderli uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. Aşgabat halkara howa menzilinden uçuş ýerli wagt bilen 10:00-da we Kerkiniň halkara howa menzilinden Aşgabada bolsa - 12:00-da meýilleşdirilýär. Bir taraplaýyn uçuşyň bahasy 163 manat.

Belläp geçsek, Kerki şäherindäki täze howa menziliniň açylyş dabarasy geçen 2021-nji ýylyň iýun aýynda bolupdy. Türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan howa menzili, howpsuz, ygtybarly uçuşlary üpjün edip, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenendir.

Çeşmäniň habaryna görä, mundan ozal Kerki şäheriniň ýaşaýjylary ilki Aşgabatdan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki howa menziline uçupdyrlar we ol ýerden ýene 200 kilometre çenli ýol geçip öýlerine barypdyrlar.

Ýatlap geçsek, Daşoguzdan Kerki halkara howa menziline yzygiderli gatnawlar her çarşenbe güni amala aşyrylar. Daşoguzdan uçuş wagty 13:00-da, Kerki halkara howa menzilinden bolsa 15:00-da alnyp barylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň