Kerkiden Türkmenbaşy şäherine guraljak uçar gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy belli boldy

12:3919.05.2022
0
58591

Türkmenbaşy şäherinden Kerkä ýola goýuljak uçar gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy belli boldy.

Belläp geçsek, Türkmenbaşy şäheri bilen Kerkiniň arasynda howa gatnawlarynyň ýola goýuljakdygyny «Turkmenportal» web saýtymyzda habar beripdik. Ozal bu şäherleriň arasynda howa gatnawlary ýokdy.

Uçar gatnawlaryny «Türkmenistan» awiakompaniýasy amala aşyrar. Uçuşlar her hepdäniň duşenbe güni, ýagny hepdede bir gezek ýerine ýetiriler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web saýtynda, 30-njy maýda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän uçar gatnawynyň awiapetekleriniň satuwy satuwy ýola goýuldy. Uçar ýerli wagt bilen 13:00-da Türkmenbaşy şäherinden Kerkiä tarap ugrar. Uçuşyň wagty takmynan 1 sagat 30 minut bolar. Awiapetekleriň bahasy 200 manat 50 teňňe. Yzyna gaýdyş üçin hem awiapetek şol bahadan satylýar. Bir adam üçin gidip-gelmek üçin petekleriň bahasy 401 manat bolar.

Türkmenbaşydan Kerkä uçuşlar 128 adamlyk Boeing 737-700 uçarynda amala aşyrylar.

Ýadyňyzda bolsa, Kerki şäherindäki täze halkara howa menzili 2021-nji ýylyň iýun aýynda açylyp ulanylmaga berildi. Türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan howa menziliniň bir sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligi bar.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri Kerkiden Aşgabada we Daşoguza uçar gatnawlarynyň ýola goýlandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň