2022-nji ýylyň maý aýyndan Kerkiden Türkmenbaşa uçar gatnawy ýola goýlar

15:2114.05.2022
0
10180

2022-nji ýylyň maý aýynyň ahyryndan başlap, Kerkiden Türkmenbaşy şäherine uçar gatnawy ýola goýlar. Ozal bu şäherleriň arasynda göni uçar gatnawy ýokdy. Bu barada Orient.tm web saýtynda habar berilýär.

Uçar gatnawy her hepdäniň duşenbe güni «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Boeing 737-700 uçarynda amala aşyrylar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri, Kerkiden Aşgabat we Daşoguz şäherlerini uçar gatnawlary ýola goýlupdy.

Belläp geçsek, Kerki şäherindäki täze halkara howa menzili 2021-nji ýylyň iýun aýynda açylyp ulanylmaga berildi. Türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan howa menziliniň sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň