Soňky habarlar

Arhiw

Kerki ― Daşoguz aralygynda howa gatnawy ýola goýuldy

14:2805.01.2022
0
9479

Şu gün Kerki halkara howa menzilinden Daşoguz şäherine ilkinji ýolagçy gatnawy amala aşyryldy.

T5337 belgili gatnaw bilen «Boeing 737-700» uçary gündiz Kerki şäherine bir sagat çemesi wagtda bardy, Kerkiden ýolagçylaryny alan uçar şol gün ýene-de Daşoguz şäherine gaýdyp bardy.

Mundan beýläk Kerki, Halaç, Hojambaz, Döwletli, Köýtendag ýaly welaýat merkezine uzakda ýerleşýän etraplaryň ýaşaýjylary Daşoguza gitmek üçin Türkmenabat şäherine gelmeli bolmazlar. Her hepdäniň çarşenbe güni olara demirgazyk welaýata asman ýoly bilen gidýän awiamümkinçilik garaşýar.

Kerki Halkara howa menziliniň 2021-nji ýylyň iýun aýynda açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys. Howa menzili sagatda 100 ýolagça ýokary derejede hyzmat edip bilýär.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Kerki Halkara howa menzili Täjigistanyň «Somon Air» awiakompaniýasynyň uçarlary üçin ýangyç guýulýan nokatlaryň birine öwrüldi.

3-nji ýanwarda bolsa Kerkiden Aşgabat şäherinde ýolagçy gatnawlary açyldy. Türkmen paýtagtyny ýurduň günorta-gündogaryndaky şäher bilen birleşdirýän gatnaw her hepdede iki gezek guralýar.

Şeýlelikde, «Türkmenistan» awiakompaniýasy ýurduň demirgazyk welaýatyna içki gatnawlaryň derejesini has-da ýokarlandyrdy. Bu bolsa ýurduň raýatlarynda uly şatlyk döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň