Arhiw

Türkmenbaşy ― Kerki aralygynda yzygiderli uçar gatnawyna badalga berildi

20:2530.05.2022
0
9660
Türkmenbaşy ― Kerki aralygynda yzygiderli uçar gatnawyna badalga berildi

Türkmenbaşy we Kerki şäherleriniň arasynda ýola goýlan yzygiderli howa gatnawy boýunça ilkinji uçuş amala aşyryldy.

128 ýolagça niýetlenen «Boeing 737-72K» uçary duşenbe güni bu aralykdaky ilkinji uçuşy amala aşyran uçar boldy.

Türkmenbaşy şäherinden sagat 13-de ýola düşen uçar 14:30-da Kerkä geldi. Şol bir uçar 15:30-da ýene göge göterilip, 17:10-da Türkmenbaşy şäherine gaýdyp bardy.

Bu aralykdaky petekleriň bir tarapynyň bahasy 200 manat 50 teňňedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň