Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatynyň işini kämilleşdirýär

11:4020.06.2022
0
11963

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy türkmenistanlylara «salgydan-salga» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär. Bu hyzmat ilata ýetirilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmagy we kärhananyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy nazarda tutmak bilen, kompaniýanyň umumy maksatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Eltip berme çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmak arkaly ýollamany ýa-da poçtany Türkmenistanyň islendik ýerine öýüňde oturan ýeriňden iberip bolýar.

«Türkmenpoçta» ýollamalaryň Türkmenistanyň islendik şäherine ýa-da ilatly ýerlerine müşderilere 2-3 günüň dowamynda eltilip berilýändigini kepillendirýär. Ýollamalar göni alyjynyň eline gowşurylýar. Ýokary hilli ýerine ýetirilýän hyzmat ülňüleri, köpýyllyk tejribe we talabalaýyk alnyp barylýan logistika ulgamy kompaniýanyň gysga wagtyň içinde ýollamalary we hatlary alyjylara ýetirmegine mümkinçilik berýär.

Kärhananyň çaparçylyk hyzmaty gün-günden uly islege eýe bolýar. Onuň müşderileri hökmünde şahsy taraplary, telekeçileri, şeýle-de internet dükanlary we giň gerimde iş alyp barýan kompaniýalary görkezmek bolar.

Bu hili dowam etdirilýän işler «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze mümkinçilikleri açmagyna, hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmegine ýol açýar. Ýollamalary ugratmakda müşderi çapary öý salgysyna ýa-da ofisine çagyryp biler we iberilýän ýollamanyň ýa-da hatyň nireden barýandygyny yzarlap biler. Elektron söwdanyň ösüşi çaparçylyk hyzmatlaryna hem oňyn täsirini ýetirýär.

«Türkmenpoçta» ygtybarly we jogapkärçilikli kärhana bolmak bilen, ýollamalaryň wagtynda we howpsuz barmagyny üpjün edýär. Hyzmatlaryň tölegi diňe bir kompaniýanyň nyrhnamalary bilen hem däl-de, eýsem eltip bermegiň gyssaglylygy, ýollamanyň agramy we görnüşi, alyjynyň salgysynyň uzaklygy bilen hem kesgitlenýär.

Belläp geçsek, şu ýylyň mart aýyndan «Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatlarynyň bahasyny hem ýeňilleşdirdi.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin çapary «Çapar» ykjam goşundysynyň üsti bilen ýa-da +993 12 92 14 95 telefon belgisine jaň edip çagyryp bilersiňiz.

Ykjam goşundyny ýükläp alyň:

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň