Top.Mail.Ru

«Türkmenpoçta» tutuş dünýä poçta ibermelerini amala aşyrýar

09:0908.06.2022
0
27211

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýerleşýän bölümçesi poçta hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerden Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna bolşy ýaly, daşary ýurtlara hem tizleşdirilen poçtalary, ýollamalary, banderollary, hatlary, dürli ýükleri ibermek mümkindir.

Hyzmat etmegiň iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän poçta aragatnaşyk bölümi — howa menziliniň hyzmat infrastrukturasynyň möhüm düzüm bölegidir.

Kompaniýanyň logistika serişdeleri ibermeleriň operatiwligine gönükdirilendir. «Amatly, tiz, ygtybarly» diýen esasy ýörelgelerine eýerýän «Türkmenpoçtanyň» işgärleri howply hem howa ulagynda daşamaklyk gadagan edilen ýüklerden başga islendik ýükleriň iberilmegini üpjün edýär.

Hyzmatlaryň bahalary, şeýle hem poçta ibermelerine bildirilýän talaplar we çäklendirmeler hakynda howa menziliniň poçta bölümleriniň özünden anyklap bolýar.

«Türkmenpoçtanyň» halkara hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin iberijä pasportynyň nusgasyny görkezmek ýeterlikdir. Galyberse-de, ýurduň içine ibermeler üçin resminama zerur däl.

«Türkmenpoçtanyň» Howa menzilindäki poçta bölümi bilen şu telefon belgilerinden habarlaşyp bolar: 230748, 230761.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işi barada has jikme-jik maglumaty edaranyň saýtyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň