Soňky habarlar

Arhiw

«Çapar» ykjam goşundysynda Daşary ykdysady iş bankynyň bank kartlary arkaly onlaýn töleg etmek mümkinçiligi döredildi

12:0106.05.2022
0
17373

«Çapar» ykjam goşundysyndan peýdalanýanlar üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň bank kartlaryndan peýdalanyp birnäçe dürli hyzmatlaryň töleglerini onlaýn geçirmek mümkinçiligi döredildi. Ykjam goşundy iOS we Android operasion ulgamly smartfonlara ýükläp almak üçin elýeterlidir.

«Çapar» ykjam goşundysynyň kömegi bilen «Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatlarynyň töleglerini geçirip bolýar. Ýollamany ugratmak üçin çapary diňe bir «Çapar» ykjam goşundysyndan çagyryp däl-de, eýsem +99312921495 telefon belgisi arkaly habarlaşyp, ýa bolmasa-da Aşgabatdaky № 1, 3, 17, 32, 35 we 37 belgili poçta bölümlerine baryp ibermek mümkindir. Ýollamalar eltilmeli salgysyna anyk we tiz ýetirilýär.

Bu ykjam goşundynyň üsti bilen elektrik energiýasy, suw üpjünçiligi, jemagat hojalygy hyzmatlary, PÝGG jerimeleri, internet hyzmatlary, öý telefonlary we mobil aragatnaşyk üçin tölegleri onlaýn usulda geçirip bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň