Soňky habarlar

Arhiw

«Halk market» we «Rusagro» hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekdiler, Türkmenistany we Gazagystany Garabogaz aýlagy boýunça täze awtomobil köprüsi birikdirer, öňüni alyş çäreleriniň üýtgedilen tertibi we beýleki habarlar

10:4017.06.2022
0
7767
«Halk market» we «Rusagro» hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekdiler, Türkmenistany we Gazagystany Garabogaz aýlagy boýunça täze awtomobil köprüsi birikdirer, öňüni alyş çäreleriniň üýtgedilen tertibi we beýleki habarlar

1. Türkmenistanyň «Halk market» söwda merkezler tory we «Rusagro» agrosenagat holdingi önümçilik pudagyny ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi halkyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça hökmany çärelere üýtgeşmeler girizdi. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goýberiş nokatlarynda, jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde we ýapyk jemgyýetçilik ýerlerinde gorag örtüklerini dakynmak hökmany talap bolup durýar.

3. Garabogaz aýlagyndan iki goňşy döwleti – Türkmenistany we Gazagystany birikdirjek täze awtomobil köprüsi gurlar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda girişiler. Awtomobil köprüsini 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

4. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Resul Klyçewyň ýolbaşçylygynda nusgawy sazlaryň muşdaklary üçin täze sowgat taýýarlady. 24-ne sagat 19:00 Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde orkestr Şährizadanyň erketikleriniň mazmuny esasynda «Müň bir gije» atly konsertini hödürleýär. Goşmaça maglumat üçin: 22 38 98; 51 41 57; 863 46 71 77; 864 03 74 56.

5. 21-nji iýunda Maryda meşhur din wekili Ymam Rezanyň doglan güni belleniler. Çäre Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň «Miras» medeni-miras merkezi we Mary welaýat häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda geçiriler.

6. Hytaýyň Syçuan welaýatynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýaşy takmynan 3 müň ýyl bolan 13 müň sany tapyndynyň üstünden baryldy. Tapyndylaryň arasynda pyşdylyň çanagy şekilindäki gutujyk we gurban bermek üçin altar bar.

7. Gruziýanyň Hökümeti syýahatçylar üçin ähli çäklendirmeleri aradan aýyrdy. Indi ýurduň serhedinden geçmek üçin PSR-barlagynyň netijenamasy we koronawirusa garşy sanjym alnandygy hakynda kepilnama talap edilmeýär.

8. Garyşyk başa-baş söweş sungatlary (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «Kuruluş: Osman» atly köp bölümli filmiň üçünji möwsüminiň ahyrky bölüminde surata düşdi. Ýagşymyradow konýaly Balabanyň keşbini janlandyrdy. Surata düşüriliş meýdançasynda oňa baş gahryman Osman begiň keşbini ýerine ýetirýän Burak Özçiwit şäriklik etdi.

9. Futbol boýunça ýaşlaryň arasynda Aziýanyň Kubogy ugrunda (23 ýaşa çenli) çempionatyň finalistleri belli boldy. Çempionatyň ykbal çözüji ahyrky duşuşygy 19-njy iýunda Daşkentde geçirilip, onda Özbegistanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylary güýç synanyşarlar. Finala ilkinji bolup 1/2 final duşuşygynda Awstraliýanyň ýygyndysyny ýeňlişe sezewar edip (2:0) Saud Arabystanynyň ýygyndysy çykmagy başardy. Beýleki ýarymfinal duşuşygynda bolsa Özbegistan Ýaponiýadan 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň