Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Kubogy-2022 (U23) futbol ýaryşynyň finalynda Özbegistanyň we Saud Arabystanynyň milli ýygyndylary duşuşar

15:4916.06.2022
0
13745
Aziýanyň Kubogy-2022 (U23) futbol ýaryşynyň finalynda Özbegistanyň we Saud Arabystanynyň milli ýygyndylary duşuşar

Futbol boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýanyň Kubogy-2022 (23 ýaşa çenli) ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş etjek ýygyndy toparlar mälim boldy. Ýaryşyň jemleýji duşuşygynda Özbegistanyň we Saud Arabystanynyň milli ýygyndy toparlary özara güýç synanyşar.

Final tapgyra ilkinji bolup, ýarym finalda Awstraliýanyň ýygyndysyndan üstün çykan (2:0) Saud Arabystanynyň ýygyndy topary ýollanma aldy. Ýarym finalyň beýleki oýnunda bolsa Özbegistanyň topary Ýaponiýanyň ýygyndysyny ýeňmegi başardy (2:0).

Aziýanyň Kubogy-2022 ýaryşynyň finaly ýekşenbe güni — 19-njy iýunda Daşkent şäheriniň «Milliý» stadionynda (Özbegistan) geçiriler.

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän futbol boýunça bu yklym ýaryşynyň soňky gezekki çempiony çärýek final tapgyrynda Ýaponiýanyň ýygyndysyndan ýeňlen Koreýa Respublikasynyň ýaşlar toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň