Türkmenistanyň «Halk market» supermarketler söwda tory Russiýanyň «Rusagro» iri oba hojalyk we azyk kompaniýasy bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýdy diýip, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.
«Halk market» bilen «Rusagro» kompaniýasynyň arasyndaky şertnama 10-njy iýunda — Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparynyň dowamynda gol çekildi.
Türkmen hem-de rus telekeçileriniň arasyndaky bu hili şertnamanyň ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, şol sanda azyk pudagynyň özara peýdaly ösüşine gönükdirilendigi bellenilýär.
«Rusagro» kompaniýasynyň topary Russiýada şeker önümçiliginde, ösümlikleri ýetişdirmekde hem-de ýag önümçiliginde öňdäki orunlary eýeleýär.