Soňky habarlar

Arhiw

Ýagşymyradow «Kuruluş: Osman» serialynyň üçünji möwsüminiň jemlemesinde surata düşdi

11:5616.06.2022
0
44451

Bellator MMA garyşyk söweş guramasynyň türkmenistanly türgeni Döwletjan Ýagşymyradow türkleriň «Kuruluş: Osman» serialynyň üçünji möwsüminiň jemlemesinde surata düşdi.

Teleserialyň türkmenistanly türgeniň surata düşen 98-nji bölümi 15-nji iýunda ATV teleýaýlymyndan tomaşaçylara ýetirildi. Ýagşymyradow konýaly Balabanyň keşbini ýerine ýetirdi. Surata düşürilýän meýdançada onuň hyzmatdaşy hökmünde bolsa Osman begiň keşbini janlandyrýan Burak Özçiwit çykyş edýär.

Ozal hem Ýagşymyradow bu serialyň 97-nji bölüminde epizodik keşbi ýerine ýetiripdi.

Bu film Osman imperiýasynyň beýik hökümdary Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagy we döwleti dolandyrmagy bilen baglanyşykly täsin taryhy wakalary mazmunynda jemleýär.

Döwletjan Ýagşymyradowyň häzirki wagtda Bellator MMA guramasynda çykyş edýän ilkinji türkmenistanly söweşiji türgendigini bellemek gerek. Ol amerikan promowşny bilen 2020-nji ýylda şertnama baglaşdy. Döwletjan häzirki wagta çenli 19 gezek ýeňip, 7 gezek ýeňildi, şeýle-de 1 gezek tutluşygy deňme-deňlikde tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň