Turkmenportal logo
16.06.22
69696969
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Şährizadanyň ertekilerini» diňlemäge çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Şährizadanyň ertekilerini» diňlemäge çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri aşgabatlylary we paýtagtyň myhmanlaryny meşhur arap ertekilerini diňlemäge çagyrýar.


24-nji iýunda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Resul Klyçewiň ýolbaşçylygynda «Müň bir gije» arap ertekileri boýunça taýýarlanan çykyşlary tomaşaçylara ýetiriler.


Bu konsert agşamynda Nikolaý Rimskiý-Korsakowyň, Karl Nilseniň hem-de Fikret Amirowyň aýdymlary hem ýaňlanar.


Konsert 19:00-da başlanar.


Konsertiň peteklerini almak üçin şu telefon belgilere ýüz tutup bilersiňiz: 22-38-98; 51-41-57; (+993 63) 46-71-77; (+993 64) 03-74-56.


«Müň bir gije» arap ertekileri orta asyryň wakalaryna degişli köpsanly hekaýatlary mazmunynda jemleýär we Pars şasy Şähriýar patyşanyň aýaly Şährizadanyň dilinden gürrüň berilýär. «Müň bir gije» arap ertekileri aýdym-saz sungatynda hem mynasyp şöhlelenme tapdy. 1888-nji ýylda Nikolaý Rimskiý-Korsakow arap ertekilerine degişli «Şährizada» sýuitasyny ýazdy. 1919-njy ýylda Karl Nilsen Adam Elenşlegeriň döreden «Dramatik erteki» pýesasyna «Aladdin» saundtregini döretdi. Azerbaýjanly kompozitor Fikret Amirow tarapyndan bolsa 1979-njy ýylda arap ertekilerine degişli iki bölümden ybarat «Müň bir gije» baleti ýazyldy.