Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan meşhur aktýor we režissýor Raj Kapuryň 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde «Indian Film Festival 2024» atly hindi filmleriniň festiwaly guraldy. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Festiwalyň açylyş dabarasyna Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň orunbasary Maýsa Guljanowa hem-de Hindistanyň ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat gatnaşdy.
Hindi diplomaty öz çykyşynda hindi kinosynyň bir asyrdan gowrak wagtyň dowamynda täsirli ösüşini belläp, hindi medeniýetiniň bütin dünýäde ýaýramagyna möhüm goşant goşandygyna ünsi çekdi.
Festiwalyň maksatnamasy diňe bir meşhur hindi filmleriniň görkezilişini däl, eýsem, hindi kinosyna bagyşlanan sergini hem öz içine aldy.
Ýerli sungat işgärleriniň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklara şaýatlyk edýän hindi we türkmen milli tanslaryny ýerine ýetirmekleri bu çäräniň aýratyn täsirli pursatlary boldy.