Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar logistik» HK ekspeditorçylyk töleginiň göterimini mälim etdi

15:1915.06.2022
0
5667

Halkara ýük daşamak pudagynda iş alyp barýan «Hazar logistik» hususy kärhanasy gyzyklanýan taraplara Türkmenistanyň çäginden üstaşyr demir ýol ýük daşalyşynyň ekspeditorçylyk töleginiň ýüküň umumy bahasynyň 1 göterimine deňdigini habar berýär.

Ekspeditorçylyk tölegi ekspeditoryň (harytlary A nokatdan B nokada çenli ugradýan) işiniň ýerine ýetirilmegi üçin alýan girdejisi; kesgitlenen mukdarda hem, ulag ýük daşamasynyň mukdaryna laýyklykda göterim boýunça hem kesgitlenilýär.

«Hazar logistik» hususy kärhanasy Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlara ýükleriň islendik görnüşlerini awtoulaglar, demir ýol ulaglary, howa ulaglary hem-de deňiz ulaglary arkaly daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Kärhana ulag ýük gatnawlary çygrynda baý tejribä eýe bolmak bilen, dünýä ýüzünde hyzmatdaşlaryň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň ulgamyna eýedir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň