Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar logistik» ýükleriň islendik görnüşini howpsuzlygyna gözegçilik etmek bilen eltip berýär

11:5024.05.2022
0
4809

Ýükleri awtoulaglar, demir ýol ulaglary, howa ulaglary hem-de deňiz ulaglary bilen uzak aralyklara daşamakda umumy, guýma (suwuk), daşamakda aýratyn gözegçiligi talap edýän dökülýän (adatça, iýmitler we ş.m), şeýle-de daşamasy howply ýükleriň eltilmegine gözegçilik etmek zerur bolup durýar.

Bu ýükleriň her birini daşamak üçin ýörite daşaýjy tehnikalar (konteýnerler, wagonlar, sisternler) bardyr. Enjamlardan, tehnikalardan, tokaý we agaç materiallaryndan, uly göwrümli we beýleki şu hili ýüklerden ybarat bolan ýükler daşalan mahalynda hiç bir näsazlyk ýüze çykmaz ýaly hem-de olaryň kadaly ýerleşdirilmegi üçin konteýnerlere ýa-da wagonlara ýüklenilýär. Suwuk ýa-da beýleki dökülip biljek ýükleri daşamak we ýüklemek üçin ýörite niýetlenen gaplardyr usullar bolup, olar ýüküň ýitirilmezligini üpjün edýär. Daşamakda özboluşly howa temperaturasyny talap edýän hem-de howply bolup biljek ýükler üçin ýörite niýetlenen refrižeratorlar we ýörite daşaýjylar peýdalanylýar. Olar ýüklenen mahalynda has oňat berkidilýär.

«Hazar logistik» ulag-logistika kärhanasy ýükleri daşamakda olaryň talabalaýyk daşalmagyna uly ähmiýet bermek bilen, her bir daşalýan önümiň howpsuzlyk talaplaryna laýyk daşalýandygyna üns berýär. Kärhananyň maddy-enjamlaýyn düzüminde ýükleriň her bir görnüşini ulaglaryň islendik görnüşleri bilen daşamaga niýetlenen konteýnerler, wagonlar, platformalar, izotermik konteýnerler we refrižeratorlar bar. «Hazar logistik» kärhanasynyň işgärleri bu ugurda ýükleri howpsuz ýüklemek we daşamak bilen bagly ähli zerur bolan aýratynlary öwrenýärler we gözükdirmeleri geçýärler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň