«Hazar logistik»: Türkmenistanda autsorsing hyzmatlarynyň gerimi giňeýär

10:5919.04.2022
0
4938

«Hazar logistik» ulag-logistika kärhanasy öz işinde logistika bilen baglylykda autsorsing hyzmatlarynyň ýokarlanandygyny belleýär. Munuň sebäbi bolsa, häzirki zaman kompaniýalarynyň işleriniň esasy ugurlaryna üns berýändigi we autsorsing esasynda potratçylara ynanylan esasy däl işler bilen gyzyklanmaýanlygy bilen baglanyşyklydyr.

Autsorsing diýlip, belli bir borçlary ýa-da wezipeleri ýerine ýetirýän guramadyr kompaniýa tarapyndan şertnama esasynda üçünji bir tarapa hyzmatlary amal etmegiň geçirilmegine düşünilýär. Bu, adatça, pul tygşytlamak hem-de işgärleriň sanynyň artmagynyň öňüni almak üçin ýola goýulýan işdir.

«Hazar logistik» kärhanasy ulaglaryň islendik görnüşi (awtoulag, demir ýol, howa ulagy, deňiz ulagy) arkaly ýükleri daşamak, olary saklamak hem-de ýüklemek işlerini alyp barmak bilen, harytlary daşamakda ygtybarly guramaçy hökmünde autsorsing esasynda logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Şeýle hem kärhana işiniň çygrynda gümrük resminamalary bilen bagly resmileşdirmek işleriniň hemmesini öz üstüne alýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň