“Hazar Logistik” kompaniýasy demir ýollar arkaly ýük daşamak hyzmatyny hödürleýär

10:0511.11.2021
0
8992

“Hazar Logistik” kompaniýasy logistika, ammar, paýlamak, ýük we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak boýunça köp ýyllyk tejribä eýedir. Mundan başga-da, kompaniýa Türkmenistanda logistika we ammar hyzmatlaryny ygtybarly, elýeterli ýerine ýetirijileriň biri hökmünde ykrar edilýär.

Deňiz arkaly, awtoulag ýollary, howaýollary we multimodal transport ulag gatnawlary bilen birlikde “Hazar Logistik” kompaniýasy demir ýol ulaglarynyň hyzmatyny hem hödürleýär. Bu ugurda kärhananyň hödürleýän hyzmatlary şulardan ybarat:

  • Demir ýol nyrhnamalaryny hasaplamak;
  • Türkmenistanyň demir ýollary arkaly haryt daşamak üçin hödürlenen arzalary hasaba almak we töleg taýdan üpjün etmek;
  • GDA ýurtlarynyň we beýleki döwletleriň demir ýollaryndaky ulag ýük daşama çykdajylaryny tölemek.

Bu hyzmatlardan başga-da, kompaniýa ammarlar we port hyzmatlary bilen üpjün edilýän tizleşdirilen demir ýol konteýnerlerini ibermek mümkinçiliklerini hödürläp biler. Şeýle hem “Hazar Logistik” iberilýän menzilden alyjynyň ammaryna çenli ýükleri eltmegi gurnaýar.

Kompaniýanyň iş nokatlary ýurduň üç sebitinde işlemek bilen, alnyp barylýan giňişleýin işleri öz wagtynda we netijeli, şeýle-de logistikanyň ähli talaplaryna laýyklykda ýola goýýar.

Kompaniýa tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň ähli görnüşleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen hyzmatlar bilen giňişleýin tanyşmak üçin degişli salga ýüzlenip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň