Top.Mail.Ru

Arhiw

Näme üçin ýükleriň demir ýol ýük gatnawlary beýlekilerden has oňaýly

0
37680

Häzirki wagta çenli ýolagçy gatnadyjy hem-de ýükleri daşaýjy demir ýol gatnawlary aragatnaşygyň iň howpsuz görnüşi bolmagynda galýar. Bütin dünýä boýunça demir ýollaryň tory, kuwwatly teplowozlardyr elektrowozlar ýükleriň islendik görnüşini sebitiň çägindäki uzak aralyga eltip bermäge mümkinçilik berýär. Demir ýollarynda heläkçilikli ýagdaýlar juda az ýüze çykýar. Demir ýol arkaly ýükleriň daşalmagynyň uçar gatnawlaryna garanyňda köp wagty talap edýändigine garamazdan, olara bolan isleg peselmeýär.

Demir ýol arkaly ýükleri daşamak işleri howanyň islendik ýagdaýynda hem amala aşyrylýar. Olaryň gatnaw hereketi, deňiz ýa derýa gatnawlary ýaly, ýylyň pasyllaryna bagly bolmaýar. Demir ýol köprülerini sebitiň islendik ýerinde gurmak bolýar. 

Şeýle hem demir ýollarynyň daşaýjylyk kuwwaty bir ýylda onlarça million tonna ýükleri daşamaga mümkinçilik berýär. 

Döwrebap tehnikalar ýükleri uzak aralyga hem gysga wagtyň içinde eltip bermäge şert döredýär. Şeýle hem demir ýol aragatnaşygy wagty we ýükleri eltip bermek hyzmatynyň nyrhyny azaltmak arkaly iri kärhanalaryň arasynda göni baglanyşygy döretmäge ýardam berýär. 

Demir ýol çatryklarynyň ösen infrastrukturasy we maddy tehniki binýady ýükleri ýüklemek hem düşürmek işiniň guramaçylykly ýerine ýetirilmegine şert döredýär.

Ýükleri demir ýol arkaly daşamagyň ýene bir oňyn tarapy olaryň özüne düşýän gymmatynyň elýeterliligidir.

Türkmenistanyň demir ýollary köp şahaly tordan düzülip, olar ýurdumyzy goňşy döwletler bilen birleşdirýär we daşary bazara çykarýar. Şonuň üçin-de Türkmenistanda demir ýol arkaly ýükleri daşamak has meşhurdyr. 

«Hazar logistik» kärhanasy ýükleri demir ýol arkaly şäherara we halkara daşamak işleri ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, kärhana tarapyndan ýükleri ýüklemek hem-de düşürmek üçin niýetlenilen ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek, resminamalary düzetmek, ýükleri demir ýol nokadyndan bellenilen ýere eltip bermek, ýükleri ätiýaçlandyrmak ýaly hyzmatlar hem amala aşyrylýar. 

Tehniki enjamlar islendik görnüşli ― daşamagyň aýratyn şertlerini talap edýän ýa-da howply ýükleri demir ýol arkaly daşamagy guramaga mümkinçilik berýär. 

Ýükleri eltip bermek hem-de ammara ýerleşdirmek ugrunda toplanylan tejribe, gatnawlaryň ygtybarly zynjyry esasynda «Hazar Logistik» kärhanasy ýükleri Türkmenistanyň, GDA döwletleriniň we Ýewropanyň çäklerinde buýrulan ýerine ynamly hem tiz eltip bermek işlerini alyp barýar. Kärhananyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde  ýerleşýän üç edarasy ugradylýan ýükleriň geografik çägini giňeldýär. Mary welaýatyndaky edarada ýükleri Artyk ― Sarahs ― Farap ugry boýunça daşamak işleri ýerine ýetirilýär.

Aşgabatdaky edara bolsa tutuş demir ýol habarnamalaryna jogap berýär. Kärhananyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän edarasy ýükleri deňiz ýoly arkaly daşamak işleri bilen meşgullanýar.

Kärhananyň alyp barýan işleri hakynda has giňişleýin maglumat almak üçin salga basyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar